Türkmenistanyň Ilçisi Yslamabatda Patyşa Karl III-niň doglan güni mynasybetli geçirilen kabul edişlige gatnaşdy
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Yslamabatdaky Ýokary Komissarlygynda Patyşa Karl III-niň doglan güni mynasybetli geçirilen diplomatik kabul edişlige gatnaşdy.
Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy we çykyş etmegi çäräniň aýratyn ähmiýetini artdyrdy. Ol öz çykyşynda Patyşa Karl III-niň döwlet gullugyndaky nusgalyk durmuşyna hem-de onuň ählumumy maksatlara bolan üýtgewsiz ygrarlylygyna ýokary baha berdi.
Şeýle hem, Beýik Britaniýanyň Ilçisi Jeýn Marriott Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi, Diplomatik korpusyň Duaýeni A. Möwlamowy hormatly myhman hökmünde sahna çagyrdy. Beýik Britaniýanyň Ilçisi we Päkistanyň premýer-ministri çykyş edenden soňra, olaryň üçüsi bilelikde Patyşanyň doglan gününe bagyşlanyp taýýarlanan torty dabaraly ýagdaýda kesdiler.
Kabul edişlik patyşa däpleriniň, diplomatik gatnaşyklaryň we medeni nepisligiň özboluşly utgaşmasy boldy.
Premýer-ministr Şahbaz Şarifiň bu çärä gatnaşmagy Päkistan bilen Beýik Britaniýanyň, şeýle hem Yslamabatdaky diplomatik korpusyň arasyndaky dostluga, özara hormata we hyzmatdaşlyga ýene bir şaýatlyk etdi. Bu çäre dialogy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we dünýäniň dürli künjeklerindeki milletleri birleşdirýän gymmatlyklary goldamaga bolan umumy ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklady.