"Şeýle taslamalara agressiw çemeleşme gerek", diýip, Pakistanyň Energetika ministri belledi

photo

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Atadjan Möwlamow Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn Ministrler Kabinetiniň Federal Energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali bilen duşuşdy.

         Duşuşygyň başynda, Ilçi täze wezipesine girişen Ministri tüýs ýürekden gutlady. Soňra Ilçi TAPI we TAP möhüm bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen bagly soňky wakalar bilen Ministri tanyşdyrdy.

         Federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali, Päkistanyň ykdysadyýeti üçin gazyň ähmiýetlidigini nygtady we “Energiýa çemelerine bolan islegleriň artmagy bilen, şeýle taslamalar agressiw çemeleşmegi talap edýär” diýip Ministr belledi. “Bu nukdaýnazardan, kabul edýän Hökümet Şertnamasynyň (HGA) özara ylalaşyk esasynda, oktýabr aýynda baglaşylmagyna garaşylýar” diýip Ministr sözüni dowam etdi. Ondan başga-da, Ministr Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP)  elektrik geçiriji taslamasy boýunça işçi topary, taslamanyň durmuşa geçirilişini çalt depginde amala aşyrmak maksady bilen, yzygiderli tertipde duşuşyklary geçirer diýip aýratyn belledi.

         Iki tarap hem, bu taslamalaryň amala aşyrylyşynda öňegidişlikleriň dogry ugurda gidýändigi we geljekde öz miwesini berjekdigi barada ylalaşdylar.