Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 31-njy awgustynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň edara binasynda ýakynda wezipä bellenen wagtlaýyn Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda, ilçi ministri täze wezipä girişmegi bilen gutlady hem-de bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryň amala aşyrylyşy barada söhbetdeşlik geçirdi.
Ministr Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary golýandygyny, şol bir sanda TAPI we TAP ýaly bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy Päkistan üçin örän möhüm bolup durýandygyny belledi.
Iki tarap dürli ugurlaryndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.