Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn Söwda we senagat-önümçilik ministri Dr.Gohar Ejaz bilen geçirilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Mowlamow Pakistanyň geçiş hökümetiniň Söwda, senagat we önümçilik boýunça federal ministri Gohar Ejaz bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda ilçi ministri täze wezipesinde işe başlamagy bilen gutlady we işinde uly üstünlikler arzuw etdi. Ol, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, türkmen halkynyň abadançylygynyň derejesini we durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän giňişleýin özgertmeler barada gürrüň berdi. Onyň mysaly hükmünde, “akylly” şäher düşünjesi esasynda gurulýan Arkadag şäheri barada habar berdi.
Ministr Gohar Ejaz ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek islegi barada çykyş edip, Pakistanyň söwda kanallaryny açmak borjuny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini aýtdy.
Iki tarap hem ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini has doly açmak üçin ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdany has-da giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Päkistan tarapy, bu duşuşygyň Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim ädendigini aýtdy.