Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň premýer-ministri Anwaar-ul Hak Kakara Anwaar-ul Haq Kakar bilen duşuşyk geçirildi.
Ilçi, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan Anwaar-ul Hak Kakara Pakistanyň wagtlaýyn premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasibetli mähirli salamlaryny we gutlaglaryny ýetirdi we täze işinde üstünlik arzuw etdi.
Ilçi A.Mowlamow premýer-ministri Bitarap Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatynyň soňky özgürtmeleri bilen tanyşdyrdy we bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygy üçin Päkistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Premýer-ministr Anwaar-ul Hak Kakar Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatyna ýokary baha berip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekdi we bilelikdäki energiýa taslamalaryny gysga wagtda amala aşyrylmagymyň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda söwda, energiýa we ykdysady baglanyşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Iki tarap hem bu aýratyn taslamalar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmek, umuman alanyňda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini we çuňlugyny has-da giňeltmek isleýändiklerini nugtadylar.