Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistan Yslam Respublikasynyň maliýe, girdeji, ykdysadyýet we hususylaşdyryş meseleler boýunça federal ministri bilen duşuşygy

photo

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Mowlamow bu ýurduň geçiş hökümetiniň maliýe, girdeji, ykdysadyýet we hususylaşdyryş federal ministri hanym Şamşad Ahtar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda, Ilçi Päkistanyň wagtlaýyn hökümetiniň federal ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli Shamshad Akhtary tüýs ýürekden gutlady we täze işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary boýunça pikirler alyşyldy, şol sanda sebit üçin uly ahmiýeti bar bolan bilelikdäki energiýa taslamalaryň durmuşa çegirilişi barada gürrüň edildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.