img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda türkmen-päkistan medeni gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça pikir alyşyldy

photo

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Milli miras we medeniýet bölüminiň Federal ministri Saýed Jamal Şah bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda, Ilçi täze bellenen wezipesine girişmegi mynasybetli Saýed Jamal Şahy tüýs ýürekden gutlady we täze işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

         Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem berkitmek boýunça ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.