TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRANYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň hakimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekilýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag, ýükleri üstaşyr geçirmek, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.