Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Energetika ministri bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Mowlamow Päkistanyň Energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammed Ali bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda iki tarap TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdy we bu taslama boýunça işleriň gidişinden kanagatlanma bildirdi. Şeýle hem, ministr Päkistanda gaz ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Päkistanyň ministrini Fransiýanyň Pariž şäherinde gurnalýan Türkmenistnanyň energetika sektoryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara Forumyna gatnaşmaga çagyrdy.