Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz işler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow maslahatda çykyş edip, ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň tagallalaryň netijesinde döwletiň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri hil taýdan gowlanýandygy, ýurdumyzyň halkara abraýy ýylsaýyn artýandygy barada belledi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde öňe süren garaýyşlaryna, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyjyna hem üns çekildi.

Daşary syýasatyň ähmiýetli ugurlary bolan energetika, ulag, ekologiýa, maglumat howpsuzlygy we sanlylaşma meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen täze strategiýanyň esasy maksadynyň ýurduň ykdysady ösüşini goldamakdan ybaratdygyny bellediler. Şu nukdaýnazardan, ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin bellenilen maksatlara ýetmekde dolandyryş çözgütlerine, durnukly syýasy ýagdaýa aýratyn orun degişlidigi nygtaldy.

Umumy mejlisden soň, maslahat gender deňligini üpjün etmek hem-de ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek ugurlary boýunça dowam etdi.

  Olarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kesgitlän zenanlaryň kanuny bähbitlerini goramak üçin şertleri döretmek, ösüp gelýän ýaşlaryň gyzyklanmalaryny we maşgala birligini üpjün etmek meselelerine üns berildi.