PDIM-niň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň baş direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň täze bellenen baş direktory Aizaz Khan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn saparlara we bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Esasy bilelikdäki taslamalaryň - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) elektrik geçiriji liniýasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. TAPI we TAP taslamalarynyň sebitiň gülläp ösmegi we Päkistanyň ykdysady ösüşi üçin peýdaly boljakdygy nygtaldy.