Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşyk
024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Ýaňy ýakynda gol çekilen iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň derwaýyslygyny belläp, diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» geçiş, medeniýet, bilim we beýleki çygyrlar türkmen-britan gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.