Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi.

Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji mejlisde taraplar durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalaryň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin şertler döretmek maksady bilen Strategiki maslahat beriş geňeşiniň çäginde özara täsir etmek mehanizmini ösdürmek meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça Ýol kartasy tassyklanyldy, şeýle hem ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, ýaşyl energetika, howanyň üýtgemegi we beýleki pudaklara degişli 8 sany taslamalara garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, oba hojalyk, saglygy goraýyş hem-de beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi:

  1. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  2. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Howanyň üýtgemegine garşy durnukly suw dolandyryşy üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslama resminamasy;
  3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Öri meýdanlary durnukly dolandyrmak üçin sanly çözgütleri işläp düzmek» atly taslama resminamasy;
  4. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» atly taslama resminamasy;
  5. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak hakynda Ylalaşyk;
  6. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy.