Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atadjan Möwlamow bilen Daşary işler ministriň orunbasary (ME, SIFC & ED) Rizwan Said Şeýh bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dogan we dostlukly ýurduň halkynyň peýdasyna ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.