Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi jenap Atadjan Möwlamow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi jenap Pham Anh Tuan bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Söwda we syýahatçylyk meselesinde iki ýurduň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň potensialyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar sebitdäki we ondan daşarky syýasy we ykdysady ýagdaýlar barada pikir alyşdylar we TOPH we TOP energiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.