Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistanyň Federal Nebit ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Päkistanyň Energetika ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi jenap Atadjan Möwlamow bilen Federal Nebit ministri Musadik Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar energiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki tarap TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.