Türkmenistanyň ilçisi bilen Şwesiýanyň ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň dekany jenap Atadjan Möwlamow Şwesiýanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi hanym Alexandra Berg won Linde bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi myhmana Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň işleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, iki tarap sebitdäki we onuň daşyndaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy.