Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Söwda boýunça Federal ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Federal Söwda ministri Jam Kamal Han duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dogan döwletiň ikitaraplaýyn we tranzit söwdasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki tarapyň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny bellediler.
Taraplar esasy şertnamalary baglaşmaga we geljekdäki hyzmatdaşlyk üçin täze pudaklary öwrenmäge ünsi jemlediler.