Yslamabatda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” mynasybetli çäreler geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Päkistanyň Parahatçylyk we diplomatiýasy gözlegleri instituty we Yslamabatdyň Alama Ykbal Açyk uniwersitetiniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde bu uniwersitetiniň çäklerinde “Magtymguly Pyragynyň burçunyň” açylyş dabarasyny we “Gündogaryň paýhas klassikleri: Magtymguly Pyragynyň we Alama Ykbalyň intellektual miraslary” atly halkara ylmy we amaly konferensiýa geçirdi.

 

Maslahatda Päkistan hökümetiniň milli miras we medeniýet boýunça federal sekretary jenap Hasan Nasir Jami, Pakistan Parahatçylyk gözleg we diplomatiýa institutynyň prezidenti hanym Farhat Asif, Alama Ykbal Açyk uniwersitetiň wise-kansleri professor doktor Nasir Mahmud, Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Mowlamow we beýleki bilermenler çykyş etdiler.

Çäräniň myhmany, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Ataew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada içgin gürrüň berdi.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň we Alama Ykbalyň sebitiň medeniýetine we taryhyna möhüm täsir eden eserleriniň meňzeşligini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda çäräniň myhmanlaryna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.