img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Nepalyň ilçisi bilen duşuşyk geçdi

photo

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Nepalyň Päkistandaky täze ilçisi hanym Rita Dhital Diplomatik korpusyň duaýeny, Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşmak üçin Türkmenistanyň Ilçihanasyna geldi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaý barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ykdysady ösüşi goldamak, sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek maksady bilen öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan möhüm energiýa we transport taslamalary barada gürrüň berdi.

Rita Dhital Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi we Nepal bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Taraplar Yslamabatda diplomatik korpus tarapyndan gurnalýan işler we taslamalar barada hem pikir alyşdylar.