"Gujranwala işewürlik merkeziniň" wekiliýeti Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Gujranwala işewürlik merkezi" döwlet guramasynyň başlygy Ahmad Ikram Lonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda “Gujranwala işewürlik merkeziniň” wekilleri Gujranwalanyň Päkistanda çalt ösýän üçünji uly senagat sebiti bolýandygyny aýtdylar we türkmen işewür toparlary bilen yzygiderli aragatnaşyk gurmaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmen tarapy myhmanlara häzirkizaman tehnologiýalaryny we bazar mehanizmlerini giňden ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek syýasaty babatda gürrüň berdi. Hususy telekeçiligi goldamak we içerki harytlaryň eksportynyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistan hökümetiniň progressiw, sosial ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Päkistanly telekeçiler ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini has-da giňeltmek we artdyrmak üçin türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykda taraplar Aşgabatda päkistan önümleriniň sergisini guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, onuň iki ýurduň öndürijileri we alyjylary üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklary guramak, önümler we işewürlik barada pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança boljakdygyny nygtadylar.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.