Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Tabani Group" kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Tabani Group" kompaniýasynyň başlygy Hamza Ýakub Tabani we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Hatim Ýakub Tabani bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda dürli ugurlardaky söwda gatnaşyklarynyň mümkinçlikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty, şol sanda Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Şunuň bilen bagly, Konsepsiýanyň esasy ugurlarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde hem ara alnyp maslahatlaşylandygy we A.Guterrişiň ony dolulygyna makullandygy habar berildi. Şol bir wagtda, halkara meýdançadaky häzirkizaman çagyryşlar bilen bagly Konsepsiýanyň ähmiýeti barada bellendi. Şeýle-de, sebitde we onuň daşynda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşant goşjak bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada nygtaldy.
"Tabani Group" kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň alyp barýan daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, şol sanda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we giňeltmekde mümkin bolan ähli goldawlaryny bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.