Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň "Magtymguly - dünýäniň akyldary" atly kitabyň tanyşdyrylyşy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu çäre Ilçihana tarapyndan Päkistanda ýaşaýan owgan türkmen diasporasynyň wekilleri üçin gurnaldy.
Çärä gatnaşyjylara 2024-nji "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara derejesinde birnäçe çäreleriň geçirilendigi barada habar berildi.
2025-nji - "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak " ýylynyň öňisyrasynda we 2024-nji - "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Magtymguly - dünýäniň akyldary" atly kitabyny ýazyp tamamlandygy we onuň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenler hem-de Magtymguly Pyragynyň dörejedijiligini söýýän okyjylar üçin ajaýyp we bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygy bellendi.
Myhmanlara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň täze kitaby bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Çärede çykyş edenler döwlet baştutanynyň kitabynda Magtymgulynyň türkmen halkynyň taryhyndaky ähmiýeti, döredijiligi we dünýä edebiýatyna goşan goşandy giňişleýin açylyp görkezilendigini nygtadylar. Şahyryň eserleriniň we öwüt-ündewleriniň umumyadamzat gymmatlyklaryny we parahatçylyk ýörelgelerini öňe sürmekde häzirki günlerde hem möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenip geçildi.
Çäräniň ahyrynda türkmen diasporasynyň wekilleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu ajaýyp edebi eseri üçin minnetdarlyk bildirdiler we ähli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Olar bu täze kitabyň Magtymguly Pyragynyň eserlerini okyjylar we öwrenijiler üçin türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyna has giňişleýin düşünmäge ýardam edýändigi üçin sagbolsun aýtdylar.