Bangladeşiň Yslamabatdaky ilçisi bilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Bangladeşiň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Bangladeşiň Päkistandaky ilçisi Ikbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Şahabuddine 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk hatyny Bangladeşiň ilçisine gowşurdy.
Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitde we onuň daşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçliklerini işjeň ulanmaga gyzyklanma bildirdiler.