Yslamabatda “Halkara parahatçylygy berkitmekde Bitaraplygyň roly” atly halkara konferensiýa geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Parahatçylyk we diplomatik derňewleri instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylygy berkitmekde Bitaraplygyň roly” atly halkara konferensiýa geçirdi.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow giriş sözünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk taryhy barada gürrüň berdi. Ol dünýä diplomatiýasynyň we halkara gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan degişli kararnamalar bilen iki gezek ykrar edilendigini nygtady. Bu ýagdaý howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, umuman halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ösüşinde Bitaraplygyň möhüm roluny ýene bir gezek ykrar edendigi bellendi. Şeýle hem, ol ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryş bolup durýan başlangyç hökmünde 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ilçisi Bitaraplyk syýasatyny goldan we goldaýan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, Päkistanyň halkyna we hökümetine, şeýle hem ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

Konferensiýada Päkistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudri, BMG-niň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Muhammet Ýahýa, Parahatçylyk we diplomatik derňewler institutynyň prezidenti hanym Farhat Asif, Päkistanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Tarik Osman Haýdar, Päkistanyň Milli goranmak uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar departamentiniň başlygy Kurram Ikbal we Şahid Zulfikar Ali Bhutto adyndaky Ylym we tehnologiýalar institutynyň Sosial ylymlary departamentiniň başlygy Tarak Wahid dagylar çykyş etdi.

Konferensiýada çykyş edenler soňky 30 ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ewolýusiýasynyň BMG-niň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigini we dünýä jemgyýetçiliginiň umumy baýlygy hökmünde ykrar edilendigini aýratyn bellediler. Bitaraplygyň örän uly mümkinçiliginiň we onuň ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk maksatlary üçin has giňden ulanylmalydygy, şeýle hem ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen gepleşikler arkaly stol başynda çözmek üçin netijeli meýdança öwrülmelidigi bellendi. Ylaýta-da, dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary gurnamakda, şeýle hem halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Bitarap Türkmenistanyň tejribesini öwrenmegiň we ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Çäräniň dowamynda 30 ýyl mundan ozal “Marriott” myhmanhanasynyň hut “Crystall Ball Room” zalynda 1995-nji ýylyň hut 15-nji martynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň taryhy 3-nji sammitiniň netijesi boýunça halkara arenasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitarap statusyna bildirilen tutanýerli goldawy ykrar edýän we beýan edýän Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigi barada aýdylmagy aýratyn simwoliki häsiýete eýe boldy.

Çärä Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Päkistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň hem-de halkara guramalaryň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ylym Gaznasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Päkistanyň ylmy-derňew merkezleriniň wekilleri, işewür toparlaryň we ýerli habar beriş serişdeleriniň görnükli wekilleri gatnaşdylar.

Konferensiýanyň soňunda myhmanlara agşamlyk agyz açar nahary berildi.