Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Federal nebit ministri bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Päkistanyň Nebit we gaz ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Päkistanyň Federal Nebit ministri Ali Perwez Maligiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ilçi Ali Perwez Maligiň täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň ýolbaşçylygynda Päkistanyň energiýa pudagynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra taraplar energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şol sanda bilelikdäki taslamalary we özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi TOPH (Türkmenistan - Owganystan - Päkistan - Hindistan) halkara gaz geçirijiniň Owganystanyň çägindäki böleginiň gurluşygynyň gidişi barada gürrüň berdi.
Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.