img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Filippinler Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Filippinler Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen ilçisi Emmanuel Fernandesiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaýlary maslahat edip, Owganystanda ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna we parahatçylygy berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny bellediler.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Türkmenistanyň hökümetiniň Owganystan bilen baglanyşykly infrastruktura we energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömekleri bermek syýasatyny dowam etmäge ygrarlydygyny nygtady.

Ilçi E. Fernandes goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Taraplar öz hökümetleriniň ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan ymtylmalaryny tassykladylar.