Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Goşmaça sekretar bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Goşmaça sekretary (Owganystan we Günbatar Aziýa) Saýed Ali Asad Gillani bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH (Türkmenistan - Owganystan - Päkistan - Hindistan) we TOP (Türkmenistan - Owganystan - Päkistan) ýaly bilelikdäki energiýa taslamalaryna, şol sanda bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen tagallalara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilýän milli we halkara derejedäki çäreler barada gürrüň berdi.