Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň başynda 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny baýram etmegiň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň halka hödürlenendigi barada aýdyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iri ähmiýetli çäreler geçirildi, şol sanda Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli açyldy we kitabyň mazmunynda öz beýanyny tapan “Döwürleriň we Siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – Parahatçylygyň we Ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi.

Gadymy siwilizasiýalary we olaryň goňşy halklar bilen arabaglanyşygyny açyp görkezýän bu kitapda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli däpleri, şeýle-de olaryň ylmyň we medeniýetiň ösmegine goşan goşandy beýanyny tapýar. Bu gymmatly neşir Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasyna düşünmäge möhüm goşant goşýan çeşmedir. Onda Änew, Altyn-Depe, Marguş ýaly gadymy siwilizasiýalaryň hem-de Seljuklar we Horezmşalar döwletleriň syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlar bar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bilen duşuşygyň ahyrynda BMG tarapyndan yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelere gatnaşyjylaryň ünsi çekildi. Esasy çäre hökmünde 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ak mermerli Aşgabat şäherinde halkara derejede geçiriljek Wekilçilikli forum barada gürrüň edildi.