Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynyň 1-nji sekretary (konsuly) B. Ýazow we 3-nji sekretary E. Permanow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory hanym Aaýza Şujatyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň häzirki meseleleri we olary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň soňunda taraplar iki ýurduň bähbitleri üçin işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we yzygiderli duşuşyklary geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.