Türkmenistanyň ilçihanasynda Päkistanyň öňki Federal saglygy goraýyş ministri bilen duşuşyk barada

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Päkistanyň öňki Federal saglygy goraýyş ministri Nadim Janyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Nadim Jan ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, özara bähbitli dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.

Ilçi A.Möwlamow oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ol ýurduň ösüşiniň häzirki tapgyry, hususan-da, häzikizaman sanly tehnologiýalar esasynda ýurtda bina edilýän ilkinji Arkadag “akylly” şäher konsepsiýasy we taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýtdy. Duşuşykda sebitiň energiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen we strategiki ähmiýete eýe bolan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Nadim Jan Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berip, ýurduň parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.