Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Magtymguly Pyragy" çeper filmi görkezildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Päkistanda ýaşaýan owgan türkmen diasporasynyň wekilleri üçin “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň görkezilişini gurnady.
Çäräniň başynda myhmanlara “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan bilelikde surata düşürilendigi habar berildi.
Tomaşaçylar medeni mirasy gorap saklamagyň we wagyz etmegiň serişdesi hökmünde hyzmat etjek filmiň ýokary çeperçilik derejesi we ähmiýeti barada aýtdylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň howandarlygynda amala aşyrylan bu taslama iki halklaryň arasyndaky berk medeni gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellendi. Myhmanlar türkmen we özbek kinematografçylarynyň bilelikdäki işi netijesinde film çuňňur taryhy we çeper mazmuna eýe bolup, onda Magtymguly Pyragynyň ýaşan we işlän döwrüniň ruhy açylyp görkezilendigini nygtadylar.
Çäre film bilen bagly özara maslahatlaşmalar bilen tamamlanyp, myhmanlar beýik şahyryň ruhy mirasyny ýakyndan duýmaga döredilen mümkinçilik üçin filmiň görkezilişini gurnaýjylara we filmi döredijilere minnetdarlyk bildirdiler.