Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Yslamabatdaky Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabadyň Daşary ýurt aýallar birleşigi (IFWA) we Serena myhmanhanasy tarapyndan gurnalan "Taste the World" haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy.

Yslamabatdaky Serena myhmanhanasynda geçirilen bu çärä diplomatik wekilhanalar gatnaşyp, olaryň her biri öz ýurdunyň milli tagamlaryny hödürledi. Has takygy, bu milli tagamlar festiwalyna Amerika, Ýewropa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Ilçihanasy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçihanasy dünýä halklarynyň milli tagamlary festiwalyna işjeň gatnaşyp, çäräniň guramaçylyk meselelerine ýakyndan ýardam berdi we onuň dowamynda dograma, işlekli, fitçi, türkmen palowy hem-de beýleki dürli milli tagamlaryny hödürledi. Türkmen milli tagamlarynyň dürlüligi, üýtgeşik tagamlylygy we özboluşlylygy köp myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

“Taste the World” haýyr-sahawat çäresi, medeniýetiň we aşpezçiligiň halklary jebisleşdirmäge we haýyrly işlere hyzmat edip biljekdiginiň aýdyň mysaly boldy. Guramaçylar ähli diplomatik wekilhanalara çärä işjeň gatnaşandyklary we haýyr-sahawat başlangyjyna goldaw berendikleri üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.