img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa saparyny alyp görkezdi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet sapary baradaky wideo reportažy Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy 4-nji iýunda ýaýlymda görkezdi.

Ýaýlymda Türkmen Liderini dabaraly garşy almak çäresi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşygynyň esasy pursatlary, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabaralary görkezildi. Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary we onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma işjeň gatnaşandygy barada agzaldy.

Wideo reportažyň ýaýlymda görkezilmegine Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasatyna berilýän üns hökmünde seredilýär.