Yslamabatda BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň Baş direktory Umer Siddikiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi A.Möwlamow şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty barada gürrüň berdi. Bu maslahatyň diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin däl, eýsem dünýäniň beýleki köp ýurtlary üçin hem möhümdigi bellendi.
U.Siddik Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň şeýle möhüm halkara çäräni geçirmek üçin öz meýdançasyny bermek baradaky çözgüdine ýokary baha berdi. Şeýle hem, munuň halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň konstruktiw we bitarap daşary syýasaty babatdaky ynamynyň we hormatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy. Aýratyn-da ol durnukly logistika, söwda we integrasiýa nukdaýnazardan açyk deňze çykalgany üpjün etmek meselesiniň häzirki wagtda möhümdigini belledi.
Şeýle-de, Ilçi A.Möwlamow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Päkistanyň başlyklyk edip başlamagy bilen gutlady we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmekde BMG-niň roluny güýçlendirmek ugrundaky işlerde üstünlikleri arzuw etdi.
U.Siddik hem öz gezeginde adalatly, parahat we deňhukukly köptaraplaýyn dünýä tertibiniň ýörelgelerini öňe sürmek üçin Päkistanyň bu jogapkärçilikli wezipäni işjeň ulanmak isleýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn, şol sanda BMG-niň dürli platformalarynda özara hormata, ynanyşmaga we bähbide esaslanýan gepleşikleri mundan beýläk hem dowam etmäge bolan isleglerini tassykladylar.