Yslamabatda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen Gyrgyzystanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Kylyçbek Soltanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda A.Möwlamow gyrgyz kärdeşini täze jogapkärçilikli wezipä bellenmegi bilen gutlady we Yslamabatdaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi A.Möwlamow Kylyçbek Soltany diplomatik korpusyň esasy ugurlary, şeýle hem ýakyn wagtda diplomatik wekilhanalaryň wekilleri üçin meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini nygtap, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.