Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ilçihanasynda Päkistanyň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani bilen geçirilen duşuşykda, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerini, ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi.
Türkmen tarapy Päkistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny aýratyn nygtady.
Taraplar Türkmenistanyň we Päkistanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri maslahat etdiler. Şunuň bilen bagly, bilelikdäki sergileri, işewür toparlaryň saparlaryny, maýa goýum forumlary gurnamak hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň beýleki birnäçe ýollaryny durmuşa geçirmek ýaly teklipler öňe sürüldi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmäge we özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.