Indoneziýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda taraplar söwda, maýa goýum, energiýa, ulag we logistika ýaly pudaklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, türkmen-indonez hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we yzygiderli konstruktiw gepleşikleri geçirmäge, şeýle hem sebitleýin we halkara derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.