Lahor Söwda-senagat palatasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Lahor Söwda-senagat palatasynyň Baş sekretary Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda gönüden-göni işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, onuň üçin amatly şertleriň döredilmegine, şeýle hem sergileri we maýa goýum forumlaryny geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar iki ýurduň söwda palatalarynyň, işewür birleşikleriniň we telekeçileriň arasynda işjeň tejribe we maglumat alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň möhüm söwda, ykdysady, ulag we logistika mümkinçiliklerine eýedigi we strategiki geografiki ýerleşişi ýurdy Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda üstaşyr we energiýa köprüsi hökmünde görkezýändigi bellendi. Şu nukdaýnazardan ulag, infrastruktura, energiýa, oba hojalygy, şeýle hem dokma senagaty we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygy bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar durnukly, özara bähbitli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.