img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda Päkistanyň Demirýollary ministri bilen duşuşyk barada

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Gazagystanyň ilçisi E. Kistafin bilen bilelikde Päkistanyň Demirýollary ministri Muhammad Hanif Abbasi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar ulag we logistika infrastrukturasynyň ösdürilmegine ünsi çekip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygy berkitmegiň strategiki ähmiýeti nygtaldy. Taraplar durnukly we netijeli logistika ugurlarynyň ösdürilmeginiň diňe bir söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine däl, eýsem sebitdäki durnuklylygy berkitmäge, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etjekdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler.