Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, pakistan tarapyna bolsa Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillani ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň gün tertibiniň çäginde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli dialogy bellediler.
Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi.
Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler we onuň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmäge isleglerini beýan etdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen diplomatlar iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ýollary hem-de energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda diplomatlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.