Yslamabatda Gwadaryň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Bulujystan welaýatynyň öňki Saglyk ministri, häzirki wagtda Gwadar Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy Mir Nawid Buluçyň ýolbaşçylygyndaky päkistanly işewürler bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna, BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatynyň netijelerine, şeýle hem TOPH gaz geçiriji we TOP elektrik geçiriji liniýa taslamalarynyň Päkistanyň durnukly energiýa üpjünçiligi üçin ähmiýetine bagyşlanan prezentasiýa görkezdi.

Şeýle hem, taraplar Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda söwda-ykdysady we logistika boýunça, şol sanda Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Päkistan tarapy Türkmenistan bilen energiýa, ulag we logistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi we Türkmen tarapyny Gwadar portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işewürlik gatnaşyklary ösdürmäge we işewür toparlaryň arasynda saparlary gurnamaga bolan ymtylmalaryny tassykladylar.