img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň we Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Päkistanyň Federal deňiz işleri ministri Muhammet Junaid Anwar bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow sebitiň söwda we ulag arabaglanyşygy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar deňiz portlarynyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnap biljek demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň giň geljegi hem bellendi.

Sebitiň ykdysady arabaglanyşygyny berkitmek, üstaşyr mümkinçliklerini giňeltmek we gatnaw ugurlaryny diwersifikasiýa etmek üçin Päkistanyň çägini köpri hökmünde has işjeň ulanmak boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi we derwaýysdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar agzalan ugurlar boýunça netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtap, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak, sebit arabaglanyşygy giňeltmek we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde amal etmegiň möhümdigini bellediler.