Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Ilçileri Päkistanyň Deňiz ministrligine bardylar
2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow hem-de Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri Päkistanyň Deňiz ministrligine bardylar. Ilçiler saparyň dowamynda Päkistanyň Deňiz işleri boýunça federal ministri Muhammet Junaid A. Çaudriniň ejesiniň aradan çykmagy bilen gynanç bildirdiler we bu agyr pursatda goldaw sözlerini beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda deňiz gatnawlary we port logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň sebit arabaglanyşygyny berkitmek we ykdysady durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Duşuşygyň soňunda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky gyzyklanmalaryny tassyklap, sebit ýurtlarynyň arasynda üstaşyr we deňiz gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.