Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Wengriýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Wengriýanyň Päkistandaky täze Ilçisi Zoltan Wargany kabul etdi.

Duşuşykda türkmen diplomaty öz kärdeşini Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardarä ynanç hatyny gowşurmagy bilen mähirli gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de, ol wengriýaly kärdeşine Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň işi barada gürrüň berip, onuň Päkistanyň döwlet edaralary, işewür toparlary we jemgyýetçilik wekilleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Ol Diplomatik Korpusyň Päkistan bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky ykdysady we medeni başlangyçlary ösdürmekde hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny belledi.

Taraplar Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim edip, sebitde we onuň daşynda asudalygy, özara düşünişmegi we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin özara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler.