Türkmenistanyň Ilçisi Yslamabatda "Annual LCCI Ambassadors' Dinner 2025" çäresine esasy myhman hökmünde gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt Ilçileriň hormatyna Lahor Söwda-senagat palatasy tarapyndan Yslamabatdaky Serena myhmanhanasynda gurnalan "Annual LCCI Ambassadors' Dinner 2025" agşamlyk naharyna esasy myhman hökmünde gatnaşdy.
Çärede Lahor Söwda-senagat palatasynyň prezidenti we wise-prezidentleri çykyş edip, çärä gatnaşandyklary üçin Ilçilere minnetdarlyk bildirdiler. Olar Lahor Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylarynyň gazanan netijeleri barada gürrüň berip, Päkistan bilen sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri barada nygtadylar.
Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi. Ol ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwdany ösdürmäge we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge işjeň goşant goşýan Lahor Söwda-senagat palatasynyň ýurduň irki we öňdebaryjy esasy işewür guramasy hökmünde möhüm ornuny belläp geçdi. Ilçi Lahor Söwda-senagat palatasynyň işine ýokary baha berip, Yslamabatdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge, durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşi gazanmaga gönükdirilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam bermek babatdaky gyzyklanmalaryny belledi.
Bu çäre dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýagdaýynda geçip, ol taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.