PDIM-niň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň baş direktory bilen duşuşyk

photo

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň täze wezipä bellenen Merkezi Aziýa we YHG departamentiniň Baş müdiri Hasan Ali Zaýgam bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan hem beýläk berkitmek we giňeltmek boýunça özara bähbitli gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçiriji liniýasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. TAPI we TAP taslamalarynyň sebitiň gülläp ösmegine we Päkistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy nygtaldy.