Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar.

Fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary mähirli mübärekläp, “Buig” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany işewürleriň şu gezekki saparynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

“Buig” kompaniýasy 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti kompaniýanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzyň “Buig” kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.