Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Golf ýaryşyny we Kabul edişligi gurnady
2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Dostlukly Golf ýaryşyny we Kabul edişligi gurnady. Bu çäre Yslamabatdaky “Pines Golf Club” klubynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirildi.
Ýaryşa Päkistanda akkreditlenen Ilçiler, diplomatlar we päkistanly ezber golfçylar gatnaşdy.
Ýaryş dostluk, sport bäsdeşligi we birek-birege hormat goýmak ruhunda geçdi.
Ýaryşdan soňra Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan iň gowy netijeleri görkezen oýunçylara ýaryşa gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde ýadygärlik baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Bu dabaradan soňra, Kabul edişlik gurnalyp, oňa Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Goşmaça sekretary Hamid Asgar Han esasy myhman hökmünde gatnaşdy.
Myhmanlar çäräniň mähirli we dostlukly ýagdaýda geçendigi, onuň ýokary derejede gurnalandygy hem-de Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky medeni, ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy barada bellediler. Şeýle hem, bu çäre Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmegiň aýdyň mysaly boldy.