Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow bilen Ispaniýanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Karlos Aragonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçisi Ispaniýanyň Ilçisini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Päkistandaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, üstaşyr gatnaw, energetika we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ispaniýanyň Ilçisi howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan çölleşmä garşy göreşmek boýunça öz ýurdunyň tejribesi, şeýle hem tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak babatda durmuşa geçirilýän milli başlangyçlar barada gürrüň berdi.

Şu nukdaýnazardan, Owganystan we Päkistan arkaly geçýän söwda ugrunyň geljeginiň uludygy hem-de ykdysady taýdan maksadalaýyklygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Päkistandaky Diplomatiki Korpusyň işi boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.